Türki halklaryň medeniýeti halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 8 — 18-nji dekabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde hem-de Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde konsertler geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek konsertlere ýurduň medeniýet we sungat ussatlary hem gatnaşar. Dabaralara gatnaşjak türkmen wekiliýeti 8 — 19-njy dekabr aralygynda Türkiýe Respublikasynda hem-de Fransiýa Respublikasynda iş saparynda bolarlar.
Şeýle-de okaň: