Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachpack» polipropilen haltalary – islendik gaplama gutusynyň ornuny tutýan önüm

13:5005.12.2023
0
33326

«Rowachlan Galkynysh» türkmen hususy kärhanasy tarapyndan polipropilenden öndürilen ýokary hilli önümler – «Rowachpack» haryt nyşanly haltalar, torbalar we big-begler islendik gaplama harydynyň, şol sanda karton we plastmassa gutularyň, çelekleriň we islendik görnüşli gaplaryň, kagyz torbalaryň we ş.m. ornuny tutup biljek önümdir.

Adatça ýylyň ahyrynda öndürijiler tarapyndan kärhananyň işiniň jemi jemlenýär, şu ýylda edilen işleriň netijeleri bolsa ýokarda aýdylanlary tassyklaýar. 2023-nji ýylda «Rowachlan Galkynysh» HK GDA ýurtlaryndaky dowamly müşderilerden, şeýle hem täze müşderilerden – daşary ýurtlardan dürli senagat we ürgün azyk önümlerini öndürijilerden gelýän köp sanly sargytlary hem-de ýüztutmalary ýerine ýetirdi. Mälim bolşy ýaly, kärhana üpjünçiliginiň «geografiýasyny» yzygiderli giňeltmek bilen, önümlerini diňe eksporta iberýär.

Dowamly müşderileri diňe bir «Rowachpack» haryt nyşanly önümleriň ýokary hilli bolmagy däl, eýsem, önümiň müşderiniň isleglerine laýyklykda öndürilmegi özüne çekýär: dürli göwrümli adaty haltalardan, bu haltalary öndürmek üçin niýetlenen torbalardan we big-beglerden başga-da, «Rowachlan Galkynysh-da» adaty bolmadyk ýükler üçin hususy taslamalara laýyklykda gaplama gutulary öndürilýär.

«Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň wekilleri bilen (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69 telefon belgileri arkaly ýa-da rowachpack@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň