Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky soňky oýnuny «Al-Aýn» bilen geçirer

06:0505.12.2023
0
28712

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 6-njy tapgyryndan orun alan «Al-Aýn» bilen oýnuň öňüsyrasynda «Ahalyň» baş tälimçisi Serdar Geldiýew we toparyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow öz pikirlerini paýlaşdy.

Serdar Geldiýew tälim berýän toparynyň öz öýünde, öz janköýerleriniň öňünde oňat oýun görkezmek isleýändigini we oňyn netijä garaşýandygyny mälim etdi. Şeýle-de ol şägirtleriniň ählisiniň oýna doly taýýardygyny we toparynyň duşuşyga oňat taýýarlyk görendigini sözüniň üstüne goşdy.

Hakmuhammet Bäşimow öz topardaşlarynyň ýeňiş üçin jan çekjekdiklerini we oňyn netije görkezmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryny belledi.

Ýeri gelende bellesek, «Ahal» bilen «Al-Aýnyň» arasyndaky duşuşyk «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Oýun sagat 19:00-da başlanar. Duşuşyga «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň