Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawyny täzelediler diýip, «Habar 24» ýazýar. Täze sanawda Sýurih we Singapur birinji orny paýlaşdylar. Olardan soň Nýu-Ýork we Ženewa ýerleşdi.
Ilkinji onluga şeýle hem Gonkong, Pariž we Los-Anjeles girdi.
Hünärmenler sanawy düzenlerinde, dünýäniň 170 sany iri şäherinde ýaşaýyş öýleriniň kärendesi, azyk harytlarynyň nyrhy we lukmançylyk hyzmatlarynyň bahasy ýaly görkezijileri seljerdiler.
Olaryň maglumatlaryna görä, jemagat hojalyk hyzmatlary ABŞ-da has ýokary eken. Ýewropada jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmaty has gymmat. Aziýanyň şäherlerinde azyk harytlarynyň gymmatdygy hasaba alyndy.
Ýaşamak üçin iň arzan şäherler hökmünde Damask we Tähran hasaba alyndy.