Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda tüýjümek önümlere, nah ýüplüge uly isleg bildirildi

09:5804.12.2023
0
21071
Birža söwdalarynda tüýjümek önümlere, nah ýüplüge uly isleg bildirildi
Surat: oilgas.gov.tm

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Daşary ýurtly işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçilerine portlandsement, tüýjümek önümler, nah ýüplük, aşgarlanmadyk mata, nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 857 müň 180 dollaryna deň boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin jemi bahasy 30 million 156 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), elde dokalan halylary, tüýjümek önümleri, ýorgan-düşek daşlaryny, nah ýüplügi, çig ýüpegi, çig ýagly turşulyklary, pagta galyndylaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň