Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident Serdar Berdimuhamedow Zambiýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

12:0102.12.2023
0
36245

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Zambiýa Respublikasynyň Prezidenti Hakainde Hiçilema hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Zambiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

— Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalar esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hakainde Hiçilema tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Zambiýa Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň