Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«KiberOne» programmirleme mekdebi we «AMAKids» çagalar akademiýasy okuwlara kabul edýär

14:5628.11.2023
0
18661

Aşgabatda ýerleşýän «AMAKids» çagalaryň intellektual ösüş akademiýasy 5 — 16 ýaş aralygyndaky çagalary we ýetginjekleri okuwlara kabul edýär. Akademiýa mental arifmetika we iňlis dili ýaly köp sanly bilim maksatnamalaryny hödürleýär.

«AMAKids» bilim merkezinde geçilýän okuwlar çagalara çylşyrymly materiallary aňsatlyk bilen özleşdirmäge mümkinçilik berýän iň täze bilim usullaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Bu usullaryň esasyny — oýunlar bilen öwretmek stili, her bir okuwça özbaşdak çemeleşmek hem-de synpda bäsdeşlik pursatynyň bolmazlygy düzýär.

Mental arifmetika — iki belgiden uly islendik sanlary akyl taýdan hasaplamaga mümkinçilik berýän özboluşly we täsirli usul. Mental arifmetikanyň maşklary birbada beýniniň iki ýarym şaryny öz içine alýar, ýady we ünslüligi öwredýär, şeýle hem beýni tarapyndan maglumatlary gaýtadan işlemegiň tizligini ýokarlandyrýar.

Iňlis dilini bilmek biziň döwrümizde kämilleşdirýän üstünlikleriň aýrylmaz bölegidir. «AMAKids» merkezinde iňlis dilini öwrenmek grammatikany we sözleri adaty, ýadadyjy usulda öwrenmek däldir. Ýörite mnemotehnikalar çaga täze maglumatlary özleşdirmäge we ýatda saklamaga mümkinçilik berýär.

«AMAKids» akademiýasy çaganyň mekdep şertlerine uýgunlaşmagyna kömek eder. Okuwlaryň dowamynda çagalar matematikanyň, okamagyň, rus diliniň esaslaryny öwrenýärler, şeýle hem daş-töweregi bilen tanyşýarlar hem-de netijeli öwrenmek üçin zerur bolan endiklere eýe bolýarlar.

Şeýle hem, Aşgabatdaky «KiberOne» çagalar halkara programmirleme mekdebi IT-ulgama degişli hünärleri öwrenmek isleýänler üçin gapylaryny giňden açýar. Bu ýerde çagalar şu aşakdaky toparlar boýunça okuwlara kabul edilýär:

• «Minecraft-da» 3D dünýäsini döretmek;

• Code Combat: noldan başlap programmirleme;

• animasiýa stilinde 2D oýunlary döretmek;

• «Python-da» programmirlemek;

• «JavaScript» (base);

• HTML/css.

Sapaklar hepdede iki gezek 2 sagatlap geçilýär.

«KiberOne» mekdebindäki okuwlar — IT dünýäsine täsin syýahatdyr, bu ýerde çagalar zerur bilimleri we endikleri gazanyp bilerler, şeýle hem täze dostlary tapynyp, wagtlaryny hoş geçirerler.

«AMAKids» we «KiberOne» merkezlerine okuwa ýazylmak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 63) 63 91 92, (+993 62) 52 56 38, (+993 62) 20 64 19.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň