Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

24-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

07:2425.11.2023
0
29596

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipelere we geljek üçin meýilnamalara seredildi.

Hususan-da, öňde boljak halkara çärelere – Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisine we saglygy goraýyş meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahata taýýarlyk görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň desgalarynyň döwrebaplaşdyrylyşy we metan zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak boýunça çäreleriň işlenilip düzülişi, energiýany tygşytlamak hakynda kanunyň taslamasynyň taýýarlanylyşy, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy baradaky hasabatlar diňlenildi.

Oba hojalygynda işleriň alnyp barlyşy, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegiň meýilnamalary, şeýle hem ýurduň geljek ýyl üçin baş maliýe resminamasynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öňde boljak çäreler

29-njy noýabrda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçiriler. Onuň gün tertibine ýangyç-energetika toplumynda, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty, ylym, bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ulgamlarynda özara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri giriziler.

8-9-njy dekabrda Aşgabatda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýüze çykýan wehimlere taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçiriler. Bu çärä dünýäniň 30 döwletinden hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýangyç-energetika toplumy

«Türkmengaz» döwlet konserni uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberini artdyrmak maksady bilen, gaz gysyjy beketleri kämilleşdirýär. Bu işler 28-29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa amala aşyran saparynyň çäklerinde ylalaşyk gazanylan ygtybarly hyzmatdaşlar bilen bilelikde alnyp barylýar.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan metan zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak boýunça birnäçe anyk çäreler işlenilip düzüldi. Munuň üçin energetika, senagat we ulag ulgamlarynda döwrebap, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak teklip edilýär. Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet konsernleriniň işinde alymlaryň maslahatlaryndan netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.

Elektrik energetikasy

«Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Ol energiýa serişdelerini rejeli ulanmaga, elektrik energiýasynyň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdiriler.

Halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşular. Bu barada BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) yglan etmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Türkmenistan maslahatyň dowamynda kabul ediljek beýleki resminamalaryň birnäçesine goşular.

Türkmen şahryry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Degişli Kararnama guramanyň Parižde ýerleşýän ştab-kwartirasynda 21-nji noýabrda geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisiniň dowamynda kabul edildi.

Maliýe

Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji maslahatynda ýurduň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanunyň hem-de 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Mejlisiň kararynyň taslamalaryna serediler.

Oba hojalygy

Häzirki wagtda Türkmenistanda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, pagta ýygymy, şaly oragy (Daşoguz we Lebap welaýatlarynda) we gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak (Mary welaýatynda) boýunça agrotehniki çäreler alnyp barylýar.

Medeniýet

Şu ýylyň dekabr aýynda birnäçe medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar parahatçylygyň waspçylarydyr» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly forum, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, baýramçylyk konsertleri geçiriler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisini, dünýäniň nusgawy sahna eserleriniň hepdeligini, türkmen we daşary ýurt nusgawy aýdymlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň