Top.Mail.Ru

Günorta Türkmenistanyň çäklerinde täze gaz akymlary alyndy

22:2016.11.2023
0
35251

Soňky iki ýylda nebitgaz ýataklarynyň gözlenilmegi we özleşdirilmegi bilen nebitiň, tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak işlerine gönükdirilen milli maýa goýumlaryň hasabyna, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri tarapyndan tebigy gazyň we gaz kondensatynyň goşmaça möçberlerini çykarmak boýunça geçirilen degişli işleriň netijesinde, «Tagtabazar-1» gaz känindäki 29 belgili guýudan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde 226,4 müň kub metr tebigy gaz we 6,04 tonna gaz kondensaty bolup durýar.

Şeýle hem Uzynada käninde gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, bu känden her biriniň önüm berijiligi bir gije-gündizde, ortaça, 60 tonnadan gowrak bolan üç guýudan gaz kondensat akymy alyndy.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 312 belgili guýuda hem gazuw işleri ýerine ýetirilip, tebigy gaz akymy alyndy. Guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde tebigy gazyň 1,7 million kub metrine deň bolup, bu görkezijiniň has-da artmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň