Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibi öňe sürdi

16:5803.11.2023
0
34624

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitindäki çykyş edip, Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu barada TDH habar berdi.

«Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde halkara gatnaşyklary ulgamy öz ösüşiniň kyn döwrüni başdan geçirýär. Dürli künjeklerde, şol sanda biziň ýurtlarymyza ýakyn sebitlerde syýasy-strategik ýagdaýlar ýüze çykýar» diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýä jemgyýetçiligi dürli global wehimler we howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk ulgamyna oňaýsyz täsir edýän bu çylşyrymly hadysalardan baş alyp çykmak üçin döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekleri, emele gelen syýasy ýagdaýlara oýlanyşykly baha bermekleri hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmekleri wajyp hasaplanýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde öňe süren bu wajyp başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmakda goldaw berjekdigine berk ynanýandygyny aýtdy.

«Gatnaşyklarymyzyň halkara ölçegleri barada aýtmak bilen, halkara guramalarynyň çäklerinde özara hereketleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibi orta goýýarys» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň