Şu gün BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylarydyr işgärleri, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň we agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde alyp barýan yzygiderli işlerini belledi. Şunuň bilen bilelikde, döwletiň durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna gönükdirilen başlangyçlarynyň we teklipleriniň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, öz gezeginde, BMG-niň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen garaýyşlarydyr teklipleri beýan etmek üçin köptaraplaýyn meýdança bolup durýandygyny aýtdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara we sebitleýin gün tertibindäki möhüm meseleleriň giň toplumyna işjeň gatnaşýandygy barada umumy pikiri beýan etdiler.
Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ulag we «ýaşyl» energetika, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, sanly özgertmelerdir ýokary tehnologiýalar ýaly pudaklar bellenildi.