Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk Liderine gutlag hatyny iberdi

22:1529.10.2023
0
20499

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Türkiýe Respublikasynyň şanly 100 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini nygtap, bu gatnaşyklaryň giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine uly ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Türkiýe Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň