Ozal habar berşimiz ýaly, 25-26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda iki günlük resmi saparda boldy. Saparyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan ikiçäk we giňişleýin düzümde ýokary derejeli gepleşikleri geçirdiler.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edenlerinden soňra, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.
Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi.
Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menziline bardylar.
Döwlet Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar hem-de iki doganlyk halka rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.
Howa menzilinde bolan gysgaça söhbetdeşlikde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkiýä resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.