Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

17:5123.10.2023
0
37444
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça, esasan hem söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag aragatnaşygy, energetika we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Taraplaryň «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlyk formatynyň çägindäki netijeli işleri babatynda hem bellenildi diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň