Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisde wise-premýer B.Atdaýew, hasabatynyň çäklerinde, «Türkmenistanda öndürilen» atly milli haryt nyşanyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hem aýtdy.
«Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda milli söwda nyşanly täze harytlary öndürmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.
Wise-premýer «Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna» laýyklykda, «Türkmenistanda öndürilen» atly milli haryt nyşanyny döretmek boýunça çäreleri amala aşyrmagyň meýilleşdirilendigini hasabat berip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak boýunça degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanda öndürilen» atly milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullady.
Döwlet Baştutany «Türkmenistanda öndürilen» atly milli haryt nyşany taýýarlananda, türkmen halkynyň milli aýratynlyklarynyň, häzirki zaman marketing usullarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, bu babatda wise-premýer B.Atdaýewe birnäçe tabşyryklary berdi.