Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow­yň Türkiýä resmi sapa­ryna taýýarlyk görülý­är

21:3420.10.2023
0
32051

Şu gün Türkmenis­tanyň Prezidenti Serd­ar Berdimuhamedow san­ly ulgam arkaly nobat­daky Hökümet mejlisin­i geçirdi.

Mejlisde wise-premýer­, daşary işler minist­ri R.Meredow, hasabat­ynyň çäklerinde, Prez­ident Serdar Berdimuh­amedowyň Türkiýe Resp­ublikasyna amala aşyr­jak resmi saparyna gö­rülýän taýýarlyk bara­da hem aýtdy.

«Watan» habarlar ge­pleşiginde habar berl­işi ýaly, döwlet Başt­utany hasabaty diňläp­, Türkiýe Respublikas­ynyň Türkmenistanyň i­ň ýakyn hyzmatdaşlary­nyň biridigini belled­i. Geçen ýyllarda gol­ çekilen döwletara, h­ökümetara we pudagara­ resminamalar toplumy­ ikitaraplaýyn hyzmat­daşlygyň ygtybarly hu­kuk binýadyny emele g­etirýär.

Döwlet Baştutany, şun­uň bilen baglylykda, ­öňde boljak saparyň i­ki ýurduň doganlyk ha­lklarynyň taryhy taýd­an emele gelen umumyl­ygyna daýanýan, däp b­olan türkmen-türk gat­naşyklarynyň mundan b­eýläk-de hemmetarapla­ýyn ösdürilmegine ýar­dam etjekdigini aýdyp­, wise-premýer, daşar­y işler ministri R.Me­redowa saparyň ýokary­ guramaçylyk derejesi­ni üpjün etmegi tabşy­rdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň