Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Abu-Dabide geçirilen Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

17:3919.10.2023
0
44862

16 — 20-nji oktýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumy we halkara sergisi geçirilýär. Foruma gatnaşyjy ýurtlaryň maýa goýum mümkinçiliklerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilýän bu giň möçberli çärede Türkmenistan maýa goýum mümkinçilikleri baradaky pawilýony bilen çykyş edýär. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy bölümi habar berdi.

Bütindünýä maýa goýum forumyna we halkara sergisine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden wekiller gatnaşýarlar.

Bütindünýä maýa goýum forumy 2008-nji ýyldan bäri UNCTAD-nyň howandarlygynda geçirilýän iň uly halkara maýa goýum çäresidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň