2024-nji ýylyň 17 ― 28-nji apreli aralygynda Tailandda geçiriljek futzal boýunça Aziýanyň kubogyna gatnaşjak 16 ýygyndy hem belli boldy. Bu barada Sport.kg habar berýär.
Saýlama tapgyryň ahyrky duşuşygynda Hytaýyň ýygyndysy Gonkongy 5:2 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, hytaýly futzalçylar toparçada birinji orny eýeläp, yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Saýlama duşuşyklaryň tamamlanmagy bilen ýaryşyň final tapgyrynyň ähli wekilleri belli boldy. Yklym ýaryşyna Owganystanyň, Awstraliýanyň, Bahreýniň, Hytaýyň, Yragyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Kuweýtiň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mýanmanyň, Saud Arabystanynyň, Täjigistanyň, Tailandyň, Özbegistanyň we Wýetnamyň ýygyndylary gatnaşar.
Bije çekişlik 14-nji dekabrda geçiriler.