«Turkmenportal»-yň redaksiýasy ulanyjylary web sahypanyň «Media» bölümine girmäge çagyrýar. Bu ýerde maglumat beriji we dynç alyş gepleşiklerini, şeýle hem Türkmenistanda bolup geçen gyzykly wakalar barada wideo reportažlary görüp bilersiňiz.
Biziň media bölümimiz her gün ýakynda ýurtda we dünýäde bolup geçen esasy habarlary hödürleýän «Günüň habarlary» gepleşigini taýýarlaýar. Gepleşik iň soňky bolup geçen möhüm we gyzykly wakalardan elmydama habarly bolmaga kömek eder.
Türkmenistanyň meşhur sungat ussatlary bilen wideo söhbetdeşlikler görkezilýän «Durmuş duralgasy» gepleşigi medeniýet we sungat bilen gyzyklanýanlaryň göwnünden turar.
«Tanyş ýüzler» gepleşiginde «Turkmenportal»-yň alyp baryjysy telewizorda, konsertlerde ýa-da sosial ulgamlarda gören meşhurlaryňyza gyzykly logiki we zehin soraglaryny berýär.
Dürli tehnologiýalaryň we predmetleriň döredilmegi, şeýle hem her gün ulanýan önümlerimiziň nähili öndürilýändigi barada gyzykly söhbetleri hödürleýän «Bilesiň gelýärmi» we «Önüme çenli» gepleşikleri bilesigeliji tomaşaçylara lezzet berer.
Türkmenistanyň jemgyýetçilik we medeni durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalar «Turkmenportal»-yň wideo we foto reportažlarynda öz beýanyny tapýar.