Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky Türkiýäniň wiza merkezi mugt goldaw hyzmatyny ýola goýdy

12:2311.10.2023
0
45234

Türkiýä wiza almak üçin ýüz tutýan Türkmenistanyň raýatlary indi Aşgabatdaky Türkiýäniň wiza merkeziniň goldaw hyzmatlaryndan mugt peýdalanyp bilerler. Bu barada «Getaway International» resmi web sahypasyna habar berildi.

Goldaw hyzmaty resmi arzany tabşyrmazdan ozal her kime wiza almak üçin resminamalary taýýarlamaga kömek eder. Hyzmatdan peýdalanmak bilen, ýüz tutanlar resminamalarynyň hakykydygyna we içindäki maglumatlaryň ygtybarlydygyna kepillik alarlar. Munuň özi ýalňyşlyklardan gaça durmaga we Türkiýä wagtynda baryp görmek üçin resminamalary almaga kömek eder.

Aşgabatdaky Türkiýäniň wiza merkeziniň salgysy: 2127 köçe (G.Kulyýew), 88-nji jaý.

Wiza merkezine gelýänler diňe resmi web sahypasy, (+993 12) 40-02-12 telefon belgisi arkaly ýa-da helpline.turkmenistan@gateway.com.tr elektron poçtanyň kömegi bilen öňünden ýazylmak arkaly kabul edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň