Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasy importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrýar

10:5211.10.2023
0
28708

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasy ýurtda giňden isleg bildirilýän demirbeton konstruksiýalarylarynyň, panel materiallarynyň, keramiki kerpiçleriň we keramzidiň önümçiligine ýöriteleşendir.

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Demirbetonkonstruksiýa» döwlet kärhanasy 1957-nji ýylda işe girizilip, ýurtda iň köne önümçilik desgalarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndaky kararyna laýyklykda zawod täzeden guruldy we täze şertler kärhananyň ýyllyk taslama kuwwatyny 50 müň m³ çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda kärhanada gurluşyk materiallarynyň önümçilik işini döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginiň mukdaryny artdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri üstünlikli çözülýär.

Kärhananyň salgysy: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheri.

Telefon belgileri: (+993 422) 7 21 20; (+993 422) 7 21 03.

Faks: (+993 422) 7 21 28.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň