«Altyn asyr» futbol toparynyň kapitany we tejribeli ýarym goragçysy Ahmet Ataýew toparyň AFK-nyň kubogynda Täjigistanyň «Rawşany» bilen geçirjek duşuşygyndan öň metbugat ýygnanyşygynda žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.
― Biz duşuşyga taýýar. Ýeke-täk maksadymyz ― ýeňiş gazanmak. Ilkinji utulyş indiki üstünliklerimizi bökdäp bilmez. Ertir duşuşygyň iň soňuna çenli ýiti göreş alyp bararys. Janköýerlerimiziň futboldan lezzet almagyny we bize guwanmagyny arzuw edýärin.
― «Altyn asyr» ýaryşda 2018-nji ýyldaky üstünligini gaýtalamaga taýýarmy?
― Elbetde, ähli toparlar munuň üçin göreşýär. Her kim gowy futbol oýnamak üçin elinden geleni gaýggyrmazlyga taýýar. Bizem synanyşarys. Hemmäniň mümkinçiligi deňdir.
Türkmenistanyň wise-çempiony «Altyn asyryň» oýunçylary meýdana ak, garşydaş bolsa gyzyl reňkli köýnekçede çykar. Duşuşyk 5-nji oktýabr güni «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Ol sagat 21-de başlanar.