«Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew AFK-nyň kubogynda Täjigistanyň «Rawşan» topary bilen geçiriljek duşuşykdan bir gün öň metbugat ýygnanyşygynda žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.
Baş tälimçi bu duşuşyga uly ähmiýet berýändiklerini aýdyp, oňa jogapkärçilikli taýýarlanandyklaryny belledi. Toparda ähli oýunçylar duşuşykda özüne wezipe berilmegine taýýar. Baş tälimçi «Altyn asyryň» meýdana diňe ýeňiş gazanmak üçin çykjakdygyny aýtdy. Gynansagam, bu hemişe mümkin bolanok.
― Ilkinji duşuşykdaky utulyşdan nähili netije çykardyňyz?
― Birinji oýunda-da erbet oýnamadyk. Ýöne futbol şeýle oýun: onda käte çak edeniň amala aşanok. Oýnuň bir pursadynda yzly-yzyna üç gol iýdik. Şondan soň ýagdaýymyzy gowulaşdyryp biljek duşuşyklaryň birnäçesini geçirdik. Gowy netijeleri hem gazandyk, bu netijeleriň indiki oýnumyza nähili täsir etjekdigini bilelikde göreris.
«Altyn asyryň» toparçanyň iň güýçli toparydygy barada berlen sowala tälimçi munuň diňe kagyz ýüzünde şeýledigini, hakykaty welin duşuşyklaryň görkezjekdigini aýtdy. Hojageldiýewiň pikirine görä, bu ýaryşda ýeňil duşuşyk ýa ejiz garşydaş ýok. Topar olaryň ählisi bilen ýiti göreşi alyp barmaga taýýar.
«Rawşan» bilen boljak oýnuň taktikasy barada soralanda, baş tälimçi takyk maglumat bermedi. Ýöne esasy maksatlarynyň garşydaşy öz ýarym meýdançasynda gysyp, üstünlikli oýny orta goýmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.
Türkmenistanyň wise-çempiony «Altyn asyr» duşuşykda meýdana ak köýnekçede çykar. «Rawşanyň» oýunçylaryny bolsa gyzyl köýnekçede göreris.
Duşuşyk 5-nji oktýabr güni «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Ol agşam sagat 21-de başlanar.