«ITEA» IT-akademiýasy ähli isleg bildirýänleri «Düşnükli interfeýsleri döretmegiň ähmiýeti» mowzugy boýunça nobatdaky Açyk gapylar gününe çagyrýar.
Interfeýsleri döretmek häzirki zaman işläp düzüjileriň esasy wezipeleriniň biridir. Interfeýslerden edilýän esasy talap ulanmagyň aňsatlygy we intuitiw düşnükliligidir. Amatsyz we ulanmak kyn bolan interfeýs iň köp talap edilýän programma önüminiň hem artykmaçlyklaryny ýok edip biler, amatly interfeýs bolsa ulanyjynyň öndürijilikli işini we önüme wepalylygyny ýokarlandyrmak üçin güýçli gurallaryň birine öwrülýär.
Çäräniň alypbaryjysy hökmünde «ITEA» IT akademiýasynyň mugallymy, 2019 – 2023-nji ýyllar aralygyndaky «Caspy Creative» studiýasynyň Senior UI/UX dizaýneri, «HozStudio» dizaýn studiýasynyň esaslandyryjylarynyň biri, şeýle hem «Tehnohoz» atly türkmen dilindäki ilkinji tehnoblogynyň awtory Emir Hudaýberdiýew çykyş eder.
«ITEA-da» Açyk gapylar güni 13-nji oktýabrda sagat 18:30-dan 20:00-a çenli şu salgyda geçiriler: Aşgabat, «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, A7 ofisi.
Görkezilen salgy ýa-da telefon belgileri arkaly öňünden hasaba alynmak zerurdyr: (+993 63) 47 11 92 we (+993 63) 42 67 51.