Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazadeden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. "Türkmenistan" gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlag hatynda Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade:
— Biz, hemişe bolşy ýaly, Siziň Alyhezretiňiziň dost-doganlyk gatnaşyklaryny, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde aýratyn hyzmatlaryňyza ýokary baha berýäris. Siziň ünsli garaýşyňyz mende hemişe buýsanç duýgusyny döredýär we ýene-de Siziň bilen duşuşyp, parasatly gürrüňleriňizi diňlemek isleýärin - diýip belleýär.
Şeýle-de Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade doganlyk Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjanyň we ähli Kawkazyň musulmanlarynyň salamyny we doga-dileglerini, türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, ösüş, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirmek hormatynyň öz paýyna düşendigini nygtaýar.
Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade, pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň sentýabr aýynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy mahalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy mynasybetli hem tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, Beýik Biribardan berk jan saglyk, uzak ömür, Türkmenistanyň we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri dileýändigini aýdýar.
— Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak we türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmek işinde Siziň hyzmatlaryňyz bimöçberdir. Siz häzirki döwrüň umumy ykrar edilen syýasy Lideri, doganlyk türkmen halkynyň Arkadagy hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak işine hem uly goşant goşýarsyňyz. Hut şoňa görä-de, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Siziň bu Hormat nyşanyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy bähbitlerini we başlangyçlaryny halkara derejede wagyz etmek işinde uly hyzmatlaryňyz, şeýle hem döredijilige we oňyn ösüşe gönükdirilen köpýyllyk şahsy tagallalaryňyz üçin mynasyp bolandygyňyz örän adalatly bellenildi - diýip, Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade gutlag hatynda nygtaýar.
Goý, Gudraty Güýçli Allatagala biziň halklarymyzy öz penasynda aman saklasyn, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň doganlygyny müdimilik berkitsin! - diýip, Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade gutlag hatynyň ahyrynda ýazýar.