Top.Mail.Ru

Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 11,4 milliard manatdan geçdi

09:4504.10.2023
0
24324

2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 11 milliard 435,78 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi banky habar berdi.

Ýanwar — awgust aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 10 milliard 463 million 422 müň 931 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, degişli döwürde «Elektron-söwda» ulgamlary arkaly 699 million 537,1 müň manatdan gowrak söwda edilip, «Mobil bank» ulgamy arkaly 11 million 647,5 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 240 million 897,8 müň manatdan we «Internet bank» ulgamy arkaly 1 million 424,2 müň manatdan geçdi.

«Halkbank terminal» ulgamy arkaly 18 million 851,2 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň