Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Başlygy, Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani Merkezi Aziýa döwletlerine saparlaryny dowam etdirer. Ol indiki hepdede Aşgabada sapar bilen geler. Bu barada Demirgazyk Makedoniýanyň DIM-ne salgylanyp, press24.mk saýty habar berýär.
Çeşmede bellenilişi ýaly, ÝHHG-niň ýolbaşçysy mundan ozal awgust aýynda Özbegistana we Gazagystana sapar eden bolsa, indi Gyrgyzystana we Türkmenistana sapar bilen geler. Hususan-da, onuň Aşgabada saparynyň indiki hepdede amala aşyrylmagyna garaşylýar. Şeýle-de, saparyň çäklerinde Buýar Osmaniniň Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklary geçirip, olarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alşylar, şeýle hem özara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alnyp maslahatlaşylar.
Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasy açylyp, onuň açylyş dabarasynda guramanyň Baş sekretary hanym Helga Şmid gatnaşypdy. Şeýle-de ÝHHG-niň Baş sekretary hanym Helga Şmid şol saparynyň dowamynda Türkmenstanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşypdy.