Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kompaniýa kuwwatly we ygtybarly «Güçbir Generator» dizel generatorlaryny hödürleýär

14:1503.10.2023
0
64850

Türkiýäniň dizel generatorlaryny öndürýän «Güçbir» brendiniň paýlaýjysy dürli ugurlarda isleg bildirilýän önümleri türkmen bazaryna ýetirýär.

Uly bolmadyk göçme ýa-da stasionar elektrik stansiýalary bolan dizel generatorlary adam heläkçiligi ýa-da tebigy hadysalar zerarly elektrik ulgamlaryna zeper ýetmegi netijesinde elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly çynlakaý kynçylyklar ýüze çykan halatynda adaty elektrik stansiýalaryna alternatiwadyr. Olar şäheriň çetindäki jaýlar ýa-da daça jaýlary, uzakdaky ilatly nokatlar, işewürlik merkezleri, ofisler, hassahanalar, hukuk goraýjy we bank ulgamynyň edaralary hem-de ş.m. üçin üýtgeýän toguň esasy ýa-da gaýragoýulmasyz çeşmesi hökmünde ulanylýar.

«Güçbir Generator» kompaniýasy 1980-nji ýyldan bäri dizel generatorlaryny öndürmek bilen, Türkiýede dizel elektrik stansiýalarynyň önümçiliginde öňdebaryjy hasaplanýar. Kompaniýanyň önümleriniň ep-esli bölegi eksport edilýär. Eksport edilýän «Güçbir Generator» önümleriniň hataryna stasionar we portatiw dizel we benzin generatorlary, yşyklandyryş diňleri, şeýle-de deňiz şertlerinde ulanmak üçin niýetlenen marin-generatorlary girýär. Kompaniýa kuwwatlylygy 10-dan 3305 kWA çenli bolan generatorlary öndürýär.

Döwrebap stasionar we göçme dizel generatorlaryny sargyt ediji türkmen müşderileriniň hatarynda özbaşdak sarp edijiler we eýeçiligiň dürli görnüşine degişli iri kärhanalar bolup, olara islendik zerurlyklary we dürli obýektleri üçin «Güçbir Generator» önüm görnüşleriniň giň hatary hödürlenýär.

Generatorlara bolan isleg barha artýar, bu bolsa olaryň häsiýetleri — kuwwatlylygy, dizel ýangyjynyň sarp edilişiniň tygşytlylygy we ygtybarlylygy bilen düşündirilýär. Mundan başga-da, «Güçbir» generatorlaryny ulanmak aňsat, ýük üýtgemelerine çydamly, şeýle hem işleýiş sesiniň pesdigi we ýokary we pes temperatura şertlerinde üznüksiz işleýändigi bilen tapawutlanýar. «Güçbir Generator» önümleriniň ähli hil we daşky gurşaw howpsuzlygy standartlaryna laýyk gelýändigini, şeýle hem ISO 9001 standartlary boýunça şahadatnama eýe bolmagyny bellemek möhümdir.

«Güçbir» generatorlarynda «Ricardo» we «Doosan» ýaly dünýä belli öndürijileriň hereketlendirijileri ulanylýar. Olar Türkmenistanyň howa şertlerinde ulanmak üçin örän laýykdyr.

«Güçbir» önümleriniň assortimenti bilen paýlaýjynyň akkauntyndan tanyşmak ýa-da (+993 65) 01 93 74 telefon belgisi, şeýle-de atageldi2000@mail.ru elektron poçta salgysy arkaly habarlaşyp maglumat almak bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň