Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iIlki bilen, welaýatlaryň häkimleri welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.
Şeýle hem pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär.
Welaýatlardaky umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, oba saglyk öýleriniň we merkezleriniň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary gyşa talabalaýyk taýýarlanylýar.
Mundan başga-da, häkimler şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi dowam edýär.
Bu işler bilen bir hatarda, ýurtda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalýan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarda gije-gündiziň dowamynda kabul etmek hem-de kabul edilen hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Şeýle hem wise-premýer Daşoguz welaýatynda şaly oragyna girişilendigini habar berdi. Mundan başga-da, Lebap welaýatynda şaly oragyna, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnamaga başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.