Top.Mail.Ru

Birža söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy

10:4602.10.2023
0
26263

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

TDH-niň berýän habaryna görä, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kerosini we polipropileni satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri tekiz boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah ýüplügidir nah matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 500 müň dollaryna golaý boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ýerli telekeçiler içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bahasy 5 million 400 müň manada deň bolan polipropileni satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň