Şu gün, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martinesden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanynyň adyndan tüýs ýürekden gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Ispaniýa Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Ilçi öz tarapyndan döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine ýakyndan ýardam etjekdigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda ispan diplomaty Markos Gomes Martinese Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, ýurtda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler barada gürrüň berildi.
Şeýle-de ilçi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Diplomat Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we alyp barýan köpugurly işleri bilen hem tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Ispaniýa Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly hem netijeli gatnaşyklaryň täze, anyk many-mazmun bilen mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.