Şu gün, Berline iş saparynyň çäklerinde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutany belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mübärekläp, ikiçäk duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.
Federal Kansler Olaf Şols Prezident Serdar Berdimuhamedowa salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, german-türkmen hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçilikleriniň we uly kuwwatynyň bardygyny belledi hem-de öz ýurdunyň hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berline gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetiniň saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Hökümetiniň Baştutany Olaf Şolsa minnetdarlyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we arzuwlaryny ýetirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga barha artýan gyzyklanmasyny goldaýandygyny hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutany Olaf Şols uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.