Soňky habarlar

Arhiw

German kompaniýalary Arkadag şäheriniň senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyryldy

18:4029.09.2023
0
92658

Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan german kompaniýalary Arkadag şäheriniň senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada TDH ýazýar.

«Soňky 25 ýylyň dowamynda iň häzirkizaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi.

Biz bu asylly işde german hyzmatdaşlarymyzyň baý tejribesini peýdalanýarys» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk üçin german tarapyna minnetdarlygyny beýan etdi we türkmen tarapynyň geljekde hem german kompaniýalary bilen lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligi, derman senagaty, telelukmançylyk usullaryny işläp taýýarlamak we ulanmak, öňüni alyş, anyklaýyş hem-de dürli keselleri bejermek ulgamynda german hünärmenleriniň tejribesini peýdalanmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny belledi.

«Şu ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda biz bu şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdik. Senagat toplumyny döretmek bu gurluşygyň möhüm ugurlarynyň biri bolmalydyr» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň «ýaşyl» ugurlydygyny hasaba almak bilen, onuň senagat zolagynda lukmançylyk senagatynyň, dermanlaryň, çagalar iýmitiniň aýry-aýry görnüşleriniň öndürilmegine gönükdirilen birnäçe kärhanalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýandygyny nygtady.

«Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän german kompaniýalaryny bu toplumy döretmäge gatnaşmaga çagyrýarys» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň