Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

German kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamak teklip edildi

17:4629.09.2023
0
60175

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan degişli teklip Berlin şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygynda öňe sürüldi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi häzirki wagtda dünýäniň köp sebitlerinde möhüm mesele bolup durýar. Munuň özi ozaly bilen, howanyň ählumumy üýtgemegi, aýry-aýry döwletleriň ykdysady düzümleriniň giň gerimli hem-de kähalatlarda gözegçiliksiz hojalyk işleri bilen şertlendirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Pariž ylalaşygyna we daşky gurşawy goramak ulgamynda beýleki köptaraplaýyn halkara resminamalaryna gatnaşyjy bolmak bilen, özüniň halkara ekologiýa borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydygyny belläp geçdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda suw serişdeleriniň goralyp saklanylmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn belledi.

«Bu çäreleri halkara guramalary hem-de daşary ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda durmuşa geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip edýärin» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, Garagum derýasynyň ulanyş düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak ýaly ägirt uly taslama bellenilip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň