Wenanyň esasy aýdym-saz zallarynyň biri «Ehrbar Saal»-da türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan gala konsert geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi.
Konsert maksatnamasynda günbatar we türkmen kompozitorlarynyň eserleri, türkmen halk döredijiligi we şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar ýerine ýetiriler.
Konserte gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary, ýurduň görnükli medeni we sungat işgärleri Wenada bolarlar.
Konsert 18-nji oktýabrda berler.