Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝDÖB-iň hasabaty: 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň ykdysadyýeti 6,2% ösdi

10:5028.09.2023
0
25860

Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň (EBRD) sebitleýin ykdysadyýetiň geljegi baradaky sentýabr aýynda çap edilen hasabaty Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleriniň depginli ösüşini görkezýär. ÝDÖB durnukly ösüşi dowam etjekdigini çaklaýar diýip, «nCa» internet portaly habar berýär.

Hasabata görä, gaz eksportynyň ýokarlanmagy we içerki ösen islegiň netijesinde 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň ykdysadyýeti, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 6,2 göterim ösdi. Zähmet haklary ýokarlandy, bu bolsa bölek satuw dolanyşygynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Ýurtda importyň ýerini tutmak syýasatynyň netijesinde oba hojalygy we önümçilik ösýär. Esasy serişdelere maýa goýumlary bolsa 24,6% ýokarlandy.

Hasabatda Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda täze howa aragatnaşygy ýola goýlandygy we deňiz portunda ýük amallarynyň artandygy, munuň bolsa ýurduň üstaşyr özüne çekijiligini ýokarlandyrandygy aýdylýar.

Hasabata laýyklykda, salgyt girdejileriniň köp bolmagy sebäpli hökümet býudjeti 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda jemi içerki önümiň 2,3% profisitine ýetdi.

ÝDÖB-iň çaklamalaryna görä, ýurduň ykdysadyýeti 2023-nji ýylda 6,5 göterim, 2024-nji ýylda 7,0 göterim öser.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň