Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şotlandiýada Şregiň öýi kärendesine berilýär

09:3528.09.2023
0
19746
Şotlandiýada Şregiň öýi kärendesine berilýär
Surat: m24.ru

Gozgalmaýan emlägi kärendesine almak boýunça «Airbnb» internet goşmaçasy «Dreamworks» kinostudiýasy bilen bilelikde, adybir multfilmiň gahrymany Şregiň öýüne meňzeş gurlan öýi kärendesine berýär diýip, «M24.ru» habar berýär.

«Airbnb» internet goşmaçasynyň wekilleri öýi multfilmdäki ýaly bezediler, onuň ýanynda multfilmdäki ýaly batga hem bar we onuň ýanynda «Seresap boluň!» diýen ýazgyly tagtajyk dikilipdir. Öý Şotlandiýada ýerleşýär.

Öň «DreamWorks Animation» studiýasynda «Şrek» multfilminiň bäşinji bölümini surata düşürmek işleriniň başlanandygyny habar berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň