Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda kitapsöýüjileriň duşuşygy geçirildi

17:1926.09.2023
0
23859

Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara Türkmenistanyň welaýatlarynda hem giň gerim berilýär. Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda şanly sene mynasybetli geçirilen dabara «Garaşsyzlyk ― gülleýişiň gözbaşy» diýlip atlandyryldy.

Kitapsöýüjileri özünde ýygnan çärä Türkmenabat şäherindäki 13-nji, 30-njy we 33-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Olar bu ýerde guralan kitap sergisine hem tomaşa etdiler.

Kitaphanaçylar bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen sowal-jogaplar hem täsirli boldy. Mekdep okuwçylary Garaşsyzlyk edebiýatyny kämil derejede bilýändiklerini görkezdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň