Özbegistanyň Energetika ministrligi öňdäki aýyň 1-inden Respublika rus gazynyň importuna başlar. Bu barada edaranyň metbugat kätibi Hasan Taşhojaýew habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Ýokary basyşly gazy kabul etmek üçin ähli zerur infrastruktura taýýar edildi diýip, Taşhojaýew sözüniň üstüne goşdy.
Öň Özbegistanyň hökümeti Russiýa Federasiýasynyň «Gazprom» döwlet edarasy bilen rus gazyny satyn almak babatda iki ýyllyk geleşige gol çekipdi. Resminamanyň çäklerinde ýyllyk importuň möçberi 2,8 milliard kubmetre deň bolmaly.