Efiopiýa jahankeşdelere ýurtdan kofe çykarmagy gadagan etdi

09:2926.09.2023
0
18104

Efiopiýa daşary ýurtly jahankeşdelere uçar gatnawlary arkaly kofäni islendik görnüşde ýurtdan alyp gitmäge gadaganlyk girizdi. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Gadaganlyk Efiopiýanyň gümrük gullugynyň täze girizen düzgüni bilen baglydyr. Onda awiaýolagçylaryň efiopiýa kofesini islendik görnüşde we möçberde daşyna alnyp gitmeginiň gadagan edilýändigi we talaby bozanlaryň howa menzillerinde saklanjakdygy duýdurylýar.

Mundan öň çaý we kofe öndürijiler sentýabrda nyrhlaryň gymmatlaýandygyny duýdurypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň