Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Hytaýyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki ýody, Owganystanyň işewürleri bolsa «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Bu barada TDH habar berdi.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşlerini, ýorgan-düşek toplumlaryny, erkek adamlaryň köýneklerini, rulon pamygy, nah ýüplügi, jinsi matalaryny, dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 26 müň dollaryndan gowrak boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bahasy 2 million 880 müň manatlyk polipropileni satyn aldylar.