Soňky habarlar

Arhiw

Berlinde Olaf Şols bilen Serdar Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikler geçiriler

01:2626.09.2023
0
21727

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsuň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy sentýabrda Berline iş saparyny amala aşyrar. Şol gün Berlinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri ilkinji gezek ýokary derejede geçirilýän «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşarlar. Bu barada Federal Hökümetiň Metbugat we maglumatlar müdirligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols hem-de ýurduň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçiriler. Olaryň çäklerinde Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Hususan-da, gepleşikleriň dowamynda ykdysady we energetika hyzmatdaşlygy bilen bagly köp sanly meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, «C5-1» görnüşindäki ilkinji «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammiti ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem sebit we Germaniýa üçin möhüm bolan özara gatnaşyk meselelerine gönükdiriler. Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň