Bişkekdäki Opera we balet teatrynda Gyrgyzystanyň döwlet diliniň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Sahnada ýurduň meşhur aýdymçy-sazandalary çykyş etdiler. Konsertiň esasy çykyşlaryny akynlar ýerine ýetirdiler, olar aýdyşyk aýdymlaryny aýtdylar.
«Asyrlarboýy manasçylar, ertekiçiler, ozanlar gyrgyz dilini gorap saklaýjylar hem ösdürijiler bolupdyrlar. Bu taryhy hakykatdyr. Biziň günlerimize dilimiz hut olaryň hyzmaty bilen gelip ýetdi» diýip, konsertiň režissýory Maksat Kuluýew gürrüň berýär.
Sungatyň aýdyşyk görnüşi gyrgyz halk folkloryna degişlidir. Erkekler we zenan bagşylar özara söz bäsleşiginde çykyş edýärler, akynlar birek-birege ýomak aýdyşyp, durmuş meselelerini gozgaýarlar. Şahyrlar öz goşgularyny halk saz gurallaryna goşup aýdýarlar.