Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow milli innowasion önümleriň dünýä standartlaryna laýyk gelmegi üçin mekdep okuwçylaryny, talyplary, aspirantlary çekmegi göz öňünde tutýan düzümleriň, halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, ylmy-tehniki, ylmy-inženerçilik, dolandyryş hünärmenlerini taýýarlamagy has işjeňleşdirmelidigini aýtdy.
— Döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak esasynda ýurdumyzda smart-telewizorlary, noutbuklary, planşetleri we beýleki döwrebap tehnikalary öndürmek arkaly dünýä bazaryna çykarýan elektron önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygy hem ýokarlanýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag edaralary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, önümçilik kärhanalarynyň arasynda aragatnaşyk, senagat we awtomobil elektronikasyny, lukmançylyk hem-de kompýuter tehnikasyny, elektron harytlary we beýleki önümleri öndürmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi, täze kärhanalary döretmegi geljekki ösüşlerimiziň esasy şertleriniň biri hasaplamalydyrys — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmek, ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça köp işler ýerine ýetirildi.
— Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerimizde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek boýunça birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirildi. Şunuň bilen bagly toplanan tejribeden ugur alyp, ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamagy zerur hasap edýärin — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň barşynda aýtdy.