24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletiň ähli mümkinçilikleriniň öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň, ýurduň her bir raýatynyň, tutuş halkyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryna gönükdirilýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, häzirki döwür hemmelerden öz alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmegi talap edýär.
— Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi, Hökümeti we biziň ählimiz yhlasly işlemelidiris. Döwrüň talabyna görä, milli kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugruna öwrülýär. Şeýle bolansoň, ata Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizden ugur alyp, ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de berkitmeli diýip hasaplaýaryn.
Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has-da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr! — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.