Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy parahatçylyk söýüjilik däplerini dowam etdirmäge çagyrdy

12:0624.09.2023
0
37780
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  parahatçylyk söýüjilik däplerini dowam etdirmäge çagyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Habar berşimiz ýaly, häzirki pursatlarda dowam edip duran Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, şöhratly pederleriň parahatçylyk söýüjilik däplerini dowam etdirmäge çagyrdy.

Hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle belledi:

– Türkmen halky döwlet gurujy halkdyr. Biz döwlet gurmak babatda merdana ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilik däplerine daýanyp, özygtyýarly döwleti döretdik.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine görä, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir.

– Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýyl ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny – Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň