Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan hem-de Özbegistan bilen howpsuzlyk, ykdysadyýet we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrar. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen «Merkezi Aziýa — ABŞ» formaty boýunça Prezidentler derjesindäki ilkinji sammitde gol çekilen Bilelikdäki Beýannamada bellenilýär. Bilelikdäki Beýannamanyň teksti 21-nji sentýabrda ABŞ-nyň Hökümetiniň dolandyryş edarsy bolan Ak öý tarapyndan çap edildi.
Resminamada bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäginde guralan «C5+1» ýokary derejeli sammitinde howpsuzlyk, ykdysadyýet we energiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
«Umumy sebitleýin howpsuzlyk meselelerini çözmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny goldamak üçin möhüm esas hökmünde howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň tarapdarydygymyzy tassyklaýarys» diýlip, Bilelikdäki Beýannamada bellenilýär.
Mundan başga-da, resminamada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi Aziýa döwletlerinde howpsuzlygy güýçlendirmek üçin maliýe kömegini artdyrmak, şeýle hem sebitdäki bäş ýurda tebigy baýlyklary gazyp almakda we energiýa howpsuzlygyny güýçlendirmekde ýardam etmek üçin gepleşiklere başlamagy meýilleşdirýändigi nygtalýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, 19-njy sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde ABŞ-nyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ýokary derejedäki «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammiti geçirildi. Onuň dowamynda Prezidentler tarapyndan Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.
Sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi, şeýle hem häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän esasy halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.