Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ilon Maskyň kompaniýasy beýnä çip oturtmak üçin meýletinçileri gözleýär

12:2821.09.2023
0
28569

Amerikaly işewür, milliarder Ilon Maskyň «Neuralink» kompaniýasy beýnä çip oturtmak üçin meýletinçileri gözleýändigini habar berdi. Kompaniýa ylmy-barlaglar üçin öz beýnisine çip oturtmaga razylyk berjek meýletinçileri toplamaga garaşsyz hünärmenler geňeşiniň rugsatnamasyny aldy diýip, «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «Informburo.kz» ýazýar.

Ylmy synaglara oňurga ýiliginiň boýun bölegine şikes ýetip ysmaz bolan adamlar gatnaşdyrylyp, olar üçin kompýuteriň syçanjygyny we klawiaturasyny pikiriň güýji bilen dolandyrmaga mümkinçilik döretmekçi bolýarlar.

Munuň üçin robot hirurgiki ýol bilen beýniniň hereket ulgamyna jogap berýän bölegine ýörite enjam ornaşdyrar.

Mask şeýle hem öz kompaniýasynyň öňünde geljekde çipleri beýnä ornaşdyrmak arkaly çakdanaşa semizlik, autizm, göwnüçökgünlik we şizofreniýa ýaly hassalyklary bejermek maksadyny goýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň