18-19-njy sentýabr günleri Aşgabatda şäherinde BMGÖM tarapyndan «Kömege mätäç ýaşlara we zenanlara jemgyýet derejesinde ruhy we durmuş goldawy» atly tegelek stoluň çäginde pudagara maslahatlar geçirildi.
Bu çäre, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän hem-de gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin milli mümkinçilikleri döretmek boýunça UNDP-DPPA bilelikdäki maksatnamasy boýunça maliýeleşdirilýän «Öňüni alyş çäreleri hökmünde jemgyýetdäki kömege mätäç ýaşlara we zenanlara ruhy we durmuş goldawyny bermekde mümkinçilikleri artdyrmak» başlangyjynyň çäginde geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, milli ylmy-barlag we akademiki institutlaryň hünärmenleriniň topary, şeýle hem ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Iki gün dowam eden çäräniň çäklerinde öňüni alyş çäreleri hökmünde kömege mätäç ýaşlara we zenanlara jemgyýet derejesinde ruhy we durmuş goldawy bermekde ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.