Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tomus günleri «Ak Ýol» toý mekanynda dowam edýär

10:5121.09.2023
0
36538

Ýakynda ahyrlanan tomus paslynyň dowamynda «Ak Ýol» toý mekanynda 90-dan gowrak dabara — ajaýyp toýlar, ýubileýler we milli däp-dessur çäreleri baýram edildi. Binagärlik taýdan özboluşly «Bagt köşgi» binasynda ýerleşýän restoranyň meşhurlygy, bereketli tylla güýzüň toýlar bilen «yssy» möwsüm boljagyny wada berýär.

Eýýäm şu günden senýabr aýynyň köp sanly seneleri toý dabaralary üçin bellenilip goýlan we geljekki günlerdäki toýlar üçin sargytlar kabul edilýär.

Näme üçin aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary «Ak Ýol» toý mekanyny saýlap alýarlar? Munuň ýeterlik sebäbi bar.

«Ak Ýol» türkmen paýtagtynyň iň bir ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýär, bu bolsa durmuş toýunyň asylly däbine öwrülen fotosessiýalara düşmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Toý mekany özüniň müň adama çenli ýerleşýän giň meýdançaly zaly bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen birlikde, onuň tans etmek üçin niýetlenen meýdançasy hem giň ýeri tutýar. Beýleki ýerleri bolsa surata düşmek hem-de çagalaryň oýnap dynç almaklary üçin niýetlenen.

Toý mekanynyň tapawutly taraplary — müşderilere özbaşdak çemeleşmek, ýagny zaly bezemekde, tagamnamany saýlamakda, dabaranyň maksatnamasyny düzmekde olaryň öz isleglerinden ugur alynýandygy.

Bu dabara merkeziniň tagamnamasynda türkmen hem-de Ýewropa aşhanalarynyň baý datly tagamlary bolup, myhmanlara tejribeli ofisiantlar hyzmat edýär.

«Ak Ýoluň» mugt ýetirilýän hyzmatlary hem bellärliklidir. Olaryň hatarynda şulary aýtmak bolar: zalyň bezegi, döwrebap yşyklandyryş we ses enjam ulgamlary, foto we wideo görkezmäge niýetlenen üç sany ekran, lazer şüweleňi we emeli tüsse goýberiş enjamy, animatorlaryň hyzmaty, aýdymçy we alypbaryjy. Ýaş çatynjalar üçin gelnalyjy hökmünde «Lincoln» awtoulagy we myhmanhanadan otag sowgat berilýär.

Durmuş toýy dabarasyny belleýän müşderiler üçin toý mekanynyň tölegini üç ýyla çenli möhlet bilen bölekleýin tölemek mümkinçiligi hem bar.

Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň «Ak Ýol» toý mekany Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna şu salgyda garaşýar: Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň